Aprel aýyna çäreleriň sanawy.
Aprel aýyna çäreleriň sanawy. Sene: 01.04; 08.04; 22.04; 29.04. Wagty: 18:30 Çäre: “English club” Gatnaşmagyň gymmaty: 50 tmt (talyplar we okuwçylar üçin 50% arzanladyş). Iňlis dilinde gürlemek gorkusyny aýyrmaga taýýarmy? Onda siz bize “English club” gelmeli. “English club” gatnaşmagyň artykmaçlyklary: • Täze tanyşlyklar. • Iňlis dilinde gürleýiş sözleýişiň tejribesi. • Temalaryň dürliligi, täze maglumaty almak we alyş-çalyş etmek. • Dil kynçylygyny ýeňip geçmek. • Göwnüňi hoşlamak. Sene: 07.04; 14.04; 28.04. Wagty: 18:30 Çäre: “Mask off” aň-dynç alyş oýuny Gatnaşmagyň gymmaty: 50 tmt. Howp. Şübhe. Müňkürlik. Töhmet. Jedel. Dymmak. Öz deduktiw ukyplaryňyzy bizde synanyşyň! “Mask off” oýuny bu diňe bir özüňiziň ýaalan sözlemäge we ýalany ýüze çykarmaga bolan ukybyňyzy barlamagyň ajaýyp usuly bolman, eýsem wagty şadyýan geçirmek we täze dostlary tapmak! Her şenbe güni 18:30 sagatda biz seni “Iş Nokady”-nda garaşýarys, özüne çekiji oýuna goşuluň. (Ýerler 15 adama çenli çäklendirilen). Sene: 12.04; 19.04; 26.04. Wagty: 18:30 Çäre: Tema boýunça treningleriň tapgyry, “21-nji asyryň başarnyklary”. Gatnaşmagyň gymmaty: 150 tmt. Siziň takyk ýüregiňiz gysmajak gyzykly treninge gatnaşmaga isleg bildirýärsiňizmi? Onda ol bu ýerde! 12, 19 we 26-njy aprelde bir wajyp “Häzirki zaman dünýä nähili uýgunlaşmaly?” meselä getirýän dürli temalardan gürrüň bolar, sebäbi wagt depginleri çalt üýtgedýär we bizi yzygiderli häzirki zaman hakykatlara uýgunlaşmaga mejbur edýär. Bilim çygrynda uly tejribesi bolan sertifikatlaşdyrylan türgenleriň, Ýewropa birleşigiň gatnaşyjylarynyň topary siz bilen “Soft skills” ugurlaryň birinde öz bilimleri bilen – auditoriýa bilen aragatnaşygyň we degişlilikde her bir gatnaşyjy işjeňleşdiriljek interaktiw oýunlaryň üsti bilen paýlaşarlar. Sizde ösüşiň nähili derejede wajypdygyna we üstünlikleri gazanmak üçin haýsy ugurda hereket etmelidigine düşünmäge mümkinçilik bolar. Ýazylmaga gyssanyň, ýerler çäklendirilen!! Gatnaşmak üçin 25 köp bolmadyk gatnaşyjylar goýberilýär. Ýaş çäklendirmeleri ýok!! Siz özüňiz üçin oňaýly bola islendik wagtda ýazylyp bilersiňiz. Sene: 24.04. Wagty: 16:00 Çäre: “Toparyň jebisleşmegi: toparda netijeli özara gatnaşyklar” temasyna trening. Gatnaşmagyň gymmaty: 150 tmt. Ýaş çäklendirmeleri: 20 ýaşdan ýokary. Işgärleriň arasyndaky özara gatnaşyklaryň psihologiýasynda bir aýratynlyk bar: her bir topary jebisleşdirmek bolýar. Jebisleşen we netijeli toparyň öňünde irnik maksatlary goýmak bolýar. Isleg bildirilýän topary nädip döretmeli? 24-nji aprelde biz siziň bu soraga jogap alyp bilmegiňiz üçin başarnykly HR-hünärmeni we tejribeli türgençi – Skopow Andreýi çagyrdyk. Toparlardaky işiň, maşklaryň we jedelleriň üsti bilentrening tamamlanandan soň siziň eýe bolup biljek esasy pursatlaryňyza serediler, ýagny: jebis topary döretmek üçin şertler, ýörelgeler we gurallar, şeýle hem ony döretmek üçin çäreleriň mysallary. Trening esasan ýolbaşçylyk wezipelerini eýeleýän taraplar (bölümleriň, kompaniýalaryň, guramalaryň ýolbaşçylary) üçin peýdaly bolar. Ýerler çäklendirilen, gatnaşmaga 20 köp bolmadyk gatnaşyjy goýberilýär. Ýazgy telefon arkaly amala aşyrylýar: +993 12 46-81-65.