“At-abraýy, mertebäni we iş abraýyny goramak”
Aprel aýynda “Iş Nokady” koworking-merkezi “At-abraýy, mertebäni we iş abraýyny goramak” atly 4 hepdelik maksatnamany gurnaýar. Biziň döwrümizde hukuk bilimsiz oňmak mümkin däl diýen ýaly. Bu kursa ýazylmak, hat-da hukuk bilen hiç hili baglanyşygy bolmadyk adamlara at-abraýa, mertebä we iş abraýyna hyýanat edilmekden goranmak babatynda hukuk sowatlygyny ýokarlandyrmak üçin hem peýdaly bolar. At-abraýa, mertebä we iş abraýyna bolan hukuk diňe bir umumyadamzat derejesinde däl, eýsem hukuk nukdaýnazardan hem iň möhüm gymmatlykdyr. Bakgalow Arslan Örebaýewiç siz bilen özüniň bilimini we baý tejribesini paýlaşar. Häzirki wagtda Arslan Örebaewiç hukuk goraýyş çygrynda iş alyp barýan hukukçy bolup, onuň ýuridiki we fiziki şahslara hukuk kömegini bermek boýunça ygtyýarnamasy bardyr (aklawçylyk işi). Kursuň maksatnamasy 4 hepdä, her anna güni 1 sapaga niýetlenendir: 09.04.2021ý. – Nazary material: “At-abraý, mertebe we iş abraýy düşünjesi. At- abraýa, mertebä we iş abraýyna hyýanat bilen nirede ýüzbe-ýüz bolmak mümkin. At-abraýyňyzyň we mertebäňiziň kemsidilendigini nädip aňmaly”. 16.04.2021ý. – Nazary material: “At-abraýa, mertebä we iş abraýyna hyýanat edilen halatynda haýsy anyk çäreleri görmeli?" 23.04.2021ý. – Nazary material we usulyýet (arzanyň düzülmegi): “At-abraýy, mertebäni we iş abraýyny goramak üçin kazyýete nädip arza taýýarlamaly. At- abraýy, mertebäni we iş abraýyny masgaralaýan maglumatlary ýaýradan şahs näbelli bolan halatynda nähili hereket etmeli”. 30.04.2021ý. – Nazary material we usulyýet (kazyýet önümçiliginiň amala aşyrylyşyny gurnamak): “At-abraýa, mertebä we iş abraýyna hyýanat üçin jezany göz öňünde tutýan hereket edýän kadalaşdyryjy hukuk resminamalar”. Toparlara ýazylyşyk şu wagtdan amala aşyrylýar. Ýerleriň sany çäklendirilen (20 adama çenli). Kursuň başlanýan senesi: 09.04.2021ý. Wagty: 18:30 1 sapak üçin töleg: 200 tmt. Şu telefon belgi arkaly ýazylyp ýa-da sorag berip bilersiňiz: +993 12 46-81-65