“Iş Nokady”-da işewürlik-ertirlik nahary

“Iş Nokady”-da işewürlik-ertirlik nahary

26-njy noýabrda “Iş Nokady” koworking-merkezinde işiň dürli çygyrlaryndaky ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda işewürlik-ertirlik nahary geçirildi.

Işewürlik-ertirlik nahary “MCT Agency” işewürligi ösdürmek boýunça direktor – Daniil Maýkowskiniň wekilçilik etmeginde “Çökgünlik mümkinçilik hökmünde” atly temadan başlandy.

“Häzirki wagtda dünýäde soňky 70 ýylyň dowamynda görülip-eşidilmedik güýçli ykdysady çökgünlik bolup geçýär.

Türkmenistan degişlilikde ykdysadyýeti uly bolmadyk ýurt hökmünde dünýä bazaryna güýçli çekilen, degişlilikde bu çökgünlik bize hem täsir edýär.

Näme etmeli?

Köpüsi “gizlendiler”, “bukuldylar” – ýagny, garaşmakçy boldylar, gutulmak tertibini goýberdiler.

Bu dogrumy?

Köpüsi üçin – hawwa.

Emma çökgünlik – bu, ilki bilen, bazaryň köp oýunçylarynyň çökgünligi çydamaýanlygy we “aradan aýrylýandygy” bilen (bu, bäsdeşleriň gidýän oýunçynyň paýyny bölüşmelidigini aňladýar), emma esasan (we häzirki çökgünlik muny aýdyň görkezýär) – sarp edijileriň endikleriniň; endikleriniň, zerurlyklarynyň we islegleriniň üýtgeýändigi bilen baglylykda bazarlardaky ýokary tüweleýlilik wagty bolup durýar.

Käbir ýagdaýlarda bu mejbury bolup geçýär (mysal üçin, taýýar nahary sarp etmek endiginiň “bir ýerlere gitmek”-den “getirip bermek hyzmatyny sargyt etmek”-lige çalyşýar), başga ýagdaýlarda üýtgeşmeler düýpli däl we haýal bolup geçýär hem-de arassaçylyga bolan gatnaşyk, gadjetleri ulanmak endikleri we ş.m. bilen bagly.

Şeýlelikde, çökgünlik – bu şeýle hem täze mümkinçilikleriň wagty.

Paýlanan bazara çykmak agyr. Häzirki wagtda bolsa, munuň ýaly paýlanyşyk durnukly däl ýa-da dargaýar.

Adamlaryň täze endikleri, zerurlyklary we islegleri olary kanagatlandyrmak üçin kadaly işewürlik-nusgalary talap edýär (muny däp bolan işewürlik berip bilmeýär) – täzeçilligi teklip etmek we öz sarp edijiňi gazanmak üçin wagt geldi.”

Şeýle hem, bu agyr döwürde distansion bilim temasy wajyp bolup durýar, şonuň üçin hem, işewürlik-ertirlik naharynda “City Business School” Russiýa işewürlik-mekdebinden “MBA” okuw maksatnamasy hödürlenildi. City Business School Turkmenistan-ň wekilleri okuwyň aýratynlyklary barada gürrüň berdiler, mekdebiň artykmaçlyklaryny görkezdiler we MBA – Türkmenistanda bilimi ösdürmek we öňe sürmek boýunça köp nesihatlary we maslahatlary aldylar.