“Maksat edinmek”

Her bir adam üçin maksatsyz durmuş – bu boş durmuş, şonuň üçin maksady anyklamak ony bellemek we oňa ýetmek örän möhümdir. Maksat edinmegiň köp ugurlary we ýollary bardyr, we şondan-da köp onuň ýetilmegine öz täsirini ýetirýän ýagdaýlar bar.

“Maksat edinmek” okuwynda sertifikatlaşdyrylan“Soft skills” we Türkmenistanyň ykdysadyýetçiler birleşmesiniň treneri – Döwran Halow, her bir adama ädimleýin maksady nahili anyklamagyň, ony bellemegiň we oňa ýetmegiň iň bir inçe ýollary barada gürrüň berer.

Şeýle-de bu okuw öz öňlerinde uly maksady goýan ýöne bu barada düşünjesi bolmadyk we oňa ýetmegiň ýollaryny bilmeýän adamlara hem peýdaly bolar.

Ýene-de bu okuwyň öz iş toparlary bilen umumy bir maksada ýetmeklik üçin itergi bermek isleýän ýolbaşçylarada peýdasy deger.Okuw özünde nazary we amaly bilimleri jemläp, esasan hem amaly gurallary ulanmak bilen hakyky maksady emele getirmäge we oňa ýetmäge gönükdirilendir.Okuw meýilnamasy her bir maksat üçin aýratyn hakyky işjeň gurallary we ýollary ulanmagyň netijesinde düzülendir.

Okuw senesi: 19/11/2020

Wagt: 18:30 - 20:30

Treninga telefon arkaly ýazylyp bilersiňiz:

+993 12 46-81-65

+993 61 34-93-58

Gatnaşmak üçin töleg - 60 tmt.