Startap

Ýurt Garaşsyzlygymyzyň ilkinji günlerinden bäri Türkmenistanda hususy kärhanalaryň we telekeçileriň sany ýylsaýyn artýar. Hususy telekeçiligiň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli ugurlarynda gazanan üstünlikleri örän buýsançlydyr. Şu nukdaý nazardan, öňki telekeçilik iş görnüşleriniň barlygynda, hazirki zamanyň we adamlaryň gündelik durmuşynyň talaplaryny kanagatlandyrmaga gönükdirilen täze telekeçilik iş görnüşleri peýda bolýar.

Şunuň bilen baglylykda, biz geçirilýän treningda startaplaryň işine ünsi çekmek, galyberse-de raýatlaryň, hususy kärhanalaryň we telekçileriň startap bilen meşgullanmak üçin täze pikirlerini durmuşa geçirmekde ýüze çykyp biljek kynçylyklarynyň üstünde durup geçmek isleýäris.

Esasy çykyş edijileriñ biri bolup “Nurlyderbent" HK-yň baş direktory we TF holdinginiň esaslandyryjysy, Annamammedow Merdan Orazowiç çykyş eder.

Startap haýsy ugurda başlamalydygyny kesgitlemek üçin belli bir ugurda bilim we sowatlylyk derejesi kesgitlener. Ondan soň, gatnaşyjylara başlangyç üçin birnäçe pikir berler.

Okuw senesi: 26/11/2020

Wagt: 18:30 - 20:00

Trening üçin telefon arkaly ýazylyp bilersiňiz:

+993 12 46-81-65

+993 61 34-93-58

Gatnaşmak üçin töleg - 60 tmt.