“Iş Nokady” toparyň bir bölegi bolmaga isleg bildirýärsiňizmi? Biz TÜRKMENBAŞY ŞÄHERINDE KOWORKING-MERKEZINIŇ AÇYLMAGY BILEN BAGLYLYKDA hünärmenleriň işe çagyrylýandygyny hakynda habar berýäris.
Biz her bir dalaşgärden nämä garaşýarys?
Gowy kommunikatiw başarnyklary
Işjeň durmuş ýagdaýy we ýokary höweslilik
Ösmäge bolan isleg we ymtylyş
Ünslilik we ýerine ýetirijilik
Biziň şertlerimiz ýa-da biz öz toparymyzyň her bir işgärine aşakdakylary kepillendirýäris:
Gyzykly meseleler
Yzygiderli ösmek, okamak, öz hünär derejäňizi ýokarlandyrmak mümkinçiligi
Zähmetiň oňaýly şertleri
Agzybir iş kollektiwi
Mynasyp zähmet haky
Her bir boş iş ornuna bildirilýän talaplary ünsli okaň we özüňiz barada maglumaty (rezýume) + gysgaça ýany bilen ugradylýan haty coworking@nokat.biz elektron salgysyna ugradyň.
Wezipe: Administrator.
Sany: 2.
Ýaşy: 20-den 30 ýaşa çenli.
Iş tejribesine artykmaçlyk berýär.
Diller: Türkmen – gowy. Rus – gowy. Iňlis diline artykmaçlyk berilýär.
Wezipe borçlary:
Ofisi üpjün etmek, iş gününe taýýarlamak (ofis guramaçylyk tehnikasyny birikdirmek we ony ulanmaga taýýarlamak, ofisi kanselýariýa harytlary we çykdajy serişdeleri bilen üpjün etmek).
Koworking-merkeziniň Rezidentlerini we myhmanlaryny garşy almak, tarifler, artykmaçlyklar bilen tanyşdyrmak we gysgaça tanyşlygy geçirmek.
Myhmanlaryň netijeli we medeniýetli hyzmatyny guramak, oňaýly şertleri üpjün etmek, dolandyryş meseleleri boýunça maslahat bermek, habar beriş we gaýry maglumatlary (wizitkalary, nyrhnamalary, bukletleri we gaýry) bermek.
Giriş jaňlaryny kabul etmek we çykyş jaňlaryny dolandyrmak.
Hatlary kabul etmek we ugratmak.
Koworking-merkeziniň Rezidentleri bilen şertnamalary baglaşmak üçin zerur resminamalary resmileşdirmek.
Koworking-merkezinde Rezidentleriň wagtynyň hasabyny ýöretmek.
Kanselýariýa harytlaryny, çykdajy serişdeleri we ofisiň işi üçin zerur bolan gaýry haryt-maddy gymmatlyklary getirmek üçin şertnamalary baglaşmak üçin zerur resminamalary resmileşdirmek.
Ofisiň jaýlarynda arassaçylygy we tertibi üpjün etmek.
Zähmet haky: 1800 tmt başlanýar (synag möhletinde).
Wezipe: Bilim önümi satmak boýunça menejer.
Sany: 1.
Ýaşy: 20 ýaşdan.
Şular ýaly wezipede iş tejribesi bolan dalaşgärler ileri tutular.
Diller: Türkmen – gowy. Rus – gowy. Iňlis – artykmaçlyk berilýär.
Wezipe borçlary:
Bilim önümlerini satmak, müşderileriň işjeň gözlegi we uzak möhletli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek, müşderileriň binýadyny ýöretmek.
Bazary seljermek, bäsdeşlik gurşawyna yzygiderli gözegçilik etmek.
Hyzmatlaryň prezentasiýasyny geçirmek.
Täjirçilik tekliplerini taýýarlamak, gepleşikleri geçirmek, şertnamalary baglaşmak, şertnamalar boýunça tölege gözegçilik etmek.
Hyzmatlary öňe sürmek maksady bilen sergilere, konferensiýalar we treninglere gatnaşmak.
Zähmet haky: 2000 tmt başlanýar + söwdadan %
Wezipe: Hukukçy.
Sany – 1.
Ýaşy: 25 ýaşdan.
Iş tejribesi: 1 ýyldan.
Kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen işlemek, kompaniýanyň içki resminamalaryny ýöretmek, şertnamalar bilen işlemek boýunça iş tejribesi.
Diller: Türkmen – örän gowy. Rus – Örän gowy.
Wezipe borçlary:
Hukuk häsiýetli resminamalary işläp taýýarlamak ýa-da işlenip taýýarlanylmagyna gatnaşmak.
Şertnama, maliýe we zähmet düzgün-nyzamyny berkitmek, Jemgyýetiň emläginiň abatlagyny saklamak boýunça çärleriň işlenilip taýýarlanylmagyna gatnaşmak we amala aşyrmak.
Ýüze çykarylan kemçilikleri aradan aýyrmak we Jemgyýetiň ykdysady işini gowulandyrmak hakynda teklipleri işläp taýýarlamak maksady bilen, hojalyk şertnamalaryny baglaşmagyň we ýerine ýetirmegiň tejribesini öwrenmek we seljermek.
Kesgitlenilen tertibe laýyklykda işgärleri düzgün-nyzam we maddy jogapkärçiligine çekmek hakynda maglumatlary resmileşdirmek.
Şertnamalary baglaşmak.
Baglaşylan şertnamalary bellige almak we saklamak.
Zähmet haky: 2000 tmt başlanýar (synag möhletinde)
Wezipe: Hasapçy.
Sany – 1.
Ýaşy: 25 ýaşdan.
Iş tejribesi: hökmany. 1C bilmek.
Diller: Türkmen – gowy. Rus – örän gowy.
Wezipe borçlary:
Maliýe hasabatlylygyny doly ýöretmek.
Buhgalterçilik hasaby.
Çykdajylaryň çenligini ýerine ýetirmegiň, işleri we hyzmatlary amala aşyrmagyň, işleriň we hyzmatlaryň özüne düşýän gymmatynyň ykdysady taýdan esaslandyrylan hasabat hasaplamasyny düzmegiň hasabyny takyk ýöretmek.
Zähmet haky: 2000 tmt başlanýar (synag möhletinde).
Ýagdaý: Event-menejer.
Sany – 1.
Ýaşy: 20 ýaşdan.
Iş tejribesi: Şu ugurda iş tejribesi bolan dalaşgärlere artykmaçlyk berilýär.
Diller: Türkmen – gowy. Rus – örän gowy. Iňlis – binýatlyk derejesi.
Wezipe borçlary:
çäreleri guramak;
konsepsiýalary, pikirleri, meýilnamalary düzmek;
senenama tertiplerini düzmek, çäreleri öz wagtynda meýilnamalaşdyrmak;
rekwizitleri we zerur işgärleri saýlamak;
gatnaşyjylar we myhmanlar üçin zerur bolanlary guramak;
çäreleri geçirmegiň hasabaty we netijeliligine baha bermek;
işleri beýleki bölümler (PR, mahabatlandyrma, söwda) bilen ylalaşdyrmak;
zerurlyk ýüze çykan ýagdaýynda, resminama dolanyşygyny ýöretmek.
Zähmet haky: 1800 tmt başlanýar (synag möhletinde).
Wezipe: SMM-menejer.
Sany – 1.
Ýaşy: 20 ýaşdan.
Iş tejribesi: Şu ugurda iş tejribesi bolan dalaşgärlere artykmaçlyk berilýär.
Diller: Rus – örän gowy. Türkmen – binýatlyk dereje.
Wezipe borçlary:
mahabatlandyrylýan hyzmatlaryň hiliniň we tapawutlandyryjy alamatlarynyň artykmaçlygy hakynda sarp edijilere habar bermek bilen, söwda bazarynda olary öňe sürmek maksady bilen ýerine ýetirilýän hyzmatlary mahabatlandyrmak boýunça işleri guramak.
Mahabatlandyrma kompaniýalaryny geçirmek boýunça işlere ýolbaşçylyk etmek, meýilleşdirmek we ugrukdyrmak.
Hyzmatlaryň bir görnüşi ýa-da topary boýunça mahabatlandyrma çäreleriň meýilnamasyny işläp taýýarlamak we olary geçirmek üçin harajatlary kesgitlemek.
Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde mahabatlandyrmanyň görnüşlerini we usullaryny, olaryň ýazgy, reňk we saz bezegini saýlamak.
Mahabatlandyrmany ýerleşdirmek üçin iň gowy wagty we ýeri, mahabatlandyrma kompaniýalaryny geçirmegiň gerimini we möhletini, hünäri, ýaşy, jynsy boýunça maksatlaýyn topara gönükdirmek bilen, mahabatlandyrmanyň gönükdirilmeli taraplarynyň toparyny kesgitlemek maksady bilen, söwda bazaryny we islegi öwrenmek.
Mahabatlandyrma ýazgylarynyň ündewsuratlarynyň, kataloglaryň, bukletleriň işlenip taýýarlanylmagyny guramak.
Mahabatlandyrmanyň aýdyňlygyny we elýeterliligini üpjün edýän olaryň hiline gözegçilik etmek.
Kontent-meýilnamany öz wagtynda bermek.
Zähmet haky: 1800 tmt başlanýar (synag möhletinde).
Wezipe: Marketolog.
Sany – 1.
Ýaşy: 20 ýaşdan.
Şu ugurda iş tejribesi bolan dalaşgärlere artykmaçlyk berilýär.
Diller: Rus – gowy. Türkmen – gowy.
Wezipe borçlary:
Bazary we bazar depginlerini öwrenmek.
Sarp edijileriň özüni alyp baryşyny öwrenmek.
Maksatlaýyn bazary saýlamak.
Bäsdeşlik artykmaçlygyny işläp taýýarlamak.
Harydyň ösüş strategiýasyny tassyklamak.
Kompaniýany harytlaryny tertipli dolandyrmak.
Müşderiler bilen gatnaşyklary dolandyrmak.
Işleriň netijesine gözegçilik etmek we seljermek.
Zähmet haky: 2000 tmt başlanýar (synag möhletinde).